Komitetler

ÖSÜŞLERIŇ NURANA ÝOLY

Babadaýhan etrabynyň «Ak altyn» geňeşli ginde ýurdumyzda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleriň many mazmunyny oba ýaşaýjylaryna düşündirmek maksady bilen, wagyz nesihat maslahaty geçirildi. TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň etrabyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň hal ýagdaýynyň has-da gowulanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler, Diýarymyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan il -ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üçin milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Şageldi BAÝRAMOW,

TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy.