Komitetler

SAGDYN BEDENDE — SAGDYN RUH

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökje ýaşaýyş toplumyndaky 4-nji sport mekdebinde Ýetginjekleriň arasynda sambo boýunça etrabyň açyk birinjiligi geçirildi. TDP-niň Büzmeýin etrap komiteti tarapyndan guralan ýaryşa Aşgabat şäherinden hem-de Ahal welaýatyndan 2005—2007-nji ýyllar aralygynda doglan ýetginjekler gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar.

Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, şeýle-de, sambo sportunyň meşhurlygyny artdyrmak, sportuň bu görnüşi boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma eýe boldy.

Ýaş pälwanlaryň ýaryşa taýýarlykly gelendiklerini olaryň degişli agram derejeleri boýunça geçiren çekeleşikli tutluşyklary aýdyňlygy bilen subut etdi. Ýaryş agram derejeleriniň ählisi boýunça güýçli türgenleri öňe çykardy. Ýeňijilere TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

Wepageldi GYŞYKOW,

TDP-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap komitetiniň başlygy.