Komitetler

SAGDYN DURMUŞ BAGTYÝARLYK

TDP-niň Türkmenbaşy etrap komitetiniň guramagynda «Sagdyn durmuş — bagtyýar jemgyýet» atly maslahat geçirildi we onda Arkadag Liderimiziň saglygy goraýyş ulgamy boýunça nusgalyk ýörelgeleri wagyz-nesihat edildi. Maslahata gatnaşanlar häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça ilata ýokary hilli öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş, dikeldiş we şypahana hyzmatlaryny ýerine ýetirýän saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagynyň dowam etdirilýändigi we ulgamyň barha kämilleşdirilýändigi barada buýsançly gürrüň edip, alym Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglyk arzuw etdiler.

Yhlas BAGŞYMÄMMEDOW,

TDP-niň Türkmenbaşy etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.