Komitetler

SAGDYN NESIL — BAGTYÝAR GELJEK

Ýakynda TDP-niň Serdar şäher komiteti etrap häkimligi, ýerli jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde «Sagdynlyk — baş gymmatlyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, raýatlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmagy üçin döredilýän şertler, zyýanly endikleriň ýetirýän ýaramaz täsirleri, ýaş nesli milli ruhda döwrebap terbiýelemek bilen baglanyşykly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň berkarar döwletimizde adamyň iň gymmatly baýlykdygyna şaýatlyk edýändigi, her güni bedew batly ösüşlere beslenýän güneşli ülkämizde ynsan saglygyna howp salýan zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

Gülkamar NYÝAZMYRADOWA,

TDP-niň Serdar şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.