Komitetler

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Golaýda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, ilatyň saglygyny goramak meselesini hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmek gerek diýip, milli Liderimiz degişli wagyz-nesihat çäreleriň geçirilmegini tabşyrdy.

Bedenterbiýe, adyndan mälim bolşy ýaly, bedeniňi terbiýelemek diýen manyny berýär.Ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli her bir adam öz islegi, boýunça bedenterbiýe bilen meşgullanyp bilýär. Aslynda, bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň her bir adam üçin kada, endige öwrülmegi hökmanydyr. Türkmen halky çaga terbiýesine hem-de çaganyň sagdyn ösmegine hemişe aýratyn üns berip gelen halkdyr.

«Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän halkymyz ýaş nesliň aňly-düşünjeli, sagdyn, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin uly alada edipdir. Onuň üçin bolsa dürli oýunlary çaga durmuşyna ornaşdyrypdyr. Türkmenleriň milli oýunlary bolan şol oýunlar çagalaryň bedenini berkidip, olaryň aň-düşünjesini ösdüripdir.

Bu oýunlar çaganyň ýaş aýratynlyklaryna görä oýnadylyp, çaga ulaldygyça, çylşyrymly oýunlara geçilipdir. Meselem, «Çapak-çapak» oýny kiçijik çagajyklar bilen oýnalýar. Onda:

Çapak-çapak elleri,

Agyrmasyn gollary... —

diýlip, goşgy aýdylyp başlanýan oýun Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem oýnalmagy dowam etdirilýän milli oýunlarymyzyň biridir.

«Jyk-jyk», «Kim öňürti?», «Durdum-durdum», «Tutdum-tutdum» ýaly milli oýunlarymyz kiçijik çagalar bilen oýnalsa, çaga ulaldygyça «Ak süňk», «Gizlenpeçek», «Çürrük kesdi», «Geýim basyrdy», «Aý terek-gün terek», «Taýak dikdi» we başga-da birnäçe oýunlara imrinýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty netijesinde dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Her bir işde bize görelde bolýan milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem wagyz-nesihatçysy hökmünde-de her birimize nusgadyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda we hut özüniň şahsy göreldesi esasynda Türkmenistanda sporty ösdürmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde alnyp barylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarynda, obalarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Ýaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, halkara dünýä ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredildi. Biziň her birimize, aýratyn-da, ýaşlara döredilen şol şertlerden netijeli peýdalanaýmak galýar. Şeýle mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Serdar JUMAGELDIÝEW,

TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.