Komitetler

SAZLAŞYKLY IŞLER

Ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ilatymyzyň saglygyny dürli kesellerden goramakda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine kybap ösdürmek, lukmançylyk ylmyna öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda uly işler edilýär. Olaryň netijesinde ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän hassahanalaryň, merkezleriň ulanmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň iş ýüzünde ýerine ýetirilýändiginden nyşandyr.

Häzirki döwürde ilatyň sagdyn bedenli bolmagy babatynda witaminlere we dürli mikroelementlere baý iýmit önümleri kadaly alyş çalşa ýardam berýär. Köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýetini, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek barada ilatyň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin birnäçe işler edilýär.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak asylly ýörelgä öwrüldi.

Rahmanberdi ANNALYÝEW,

TDP-niň Bäherden etrap komitetiniň başlygy.