Komitetler

ŞA SERPAÝYNYŇ EÝESI

Yzgant şäherçesinde 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Ministrler Kabinetiniň Türkmenistany 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekmegi bizi diýseň begendirdi. Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertleri ne laýyklykda, ýeňiji sebitleriň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegi, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirişi, mede ni durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçilik, dynç alyş, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ýaly görkezijiler boýunça kesgitlenýär. Etrabymyzyň Yzgant şäherçesindäki baýramçylyk dabaralary Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiniň öňündäki giň meýdançada başlandy. Bu ýerde myhmanlary çagalar — deprekçiler topary we ýaş aýdymçylar garşyladylar. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar ilki bilen bu mekdepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, watançy esger, halypa mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hatyrasyna bina edilen ýadygärlige ter gül desselerini goýup, tagzym etdiler. Soňra olar mekdebiň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup, bu ýerde saklanylýan gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Soňra baýramçylyk dabarasy türkmen halkynyň milli gelin toýy bilen utgaşdy. Bu ýerde gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli däplerimize hem-de bagtyýar zamanamyzyň ruhuna laýyklykda belentden tutulan durmuş toýunyň bu ajaýyp waka bilen özara sazlaşmagy hemmelerde kalp joşduryjy duýgulary döretdi. Ynsan köňlüne tükeniksiz şatlyk paýlan bagt toýunda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlardyr urp-adatlaryň berjaý edilmegi, onda bagşy-sazandalaryň belent joşgun hem-de ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň şatlyklaryny goşalandyrdy. Welaýatymyzyň birleşen dutarçylar toparynyň çykyşlary ata-babalarymyzdan miras galan asylly däp dessurlarymy zyň üstüni ýetirdi. Bagşy sazandalaryň şirin hem labyzly ýerine ýetiren nusgalyk halk aýdym sazlary ildeşlerimize ruhy lezzet paýlady. Soňra Yzgant şäherçesiniň sport mekdebiniň öňündäki meýdançada şowhunly aýdym sazlaryň astynda sport görkezme çykyşlary, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgüniň nepis türkmen halylary bilen bezelen owadan meýdançasynda giň göwrümli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde meşhur aýdymçylaryň hem-de tans toparlarynyň çykyşlary dabara uly şowhun berdi. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen şol çykyşlarda bagtyýar il-günümiziň, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şu ýylymyzyň şygary astynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda röwşen ýol bilen barýan Diýarymyzyň, amala aşyrylýan sahawatly işleriň, şeýle hem päk zähmetiň tarypy öz beýanyny tapdy. Dabaranyň başynda hor matly Prezidentimiziň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşlerine, ähli ilatyna iberen gutlagynyň okalmagy uly ruhubelentlik döretdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda şu belent wezipeleri amala aşyrmaga etrabyň zähmet keşleriniň hem işjeň gatnaşyp, geljek ýyllarda-da ähli ugurlarda uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmäge uly goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi. Soňra Gökdepe etrabynyň häkimine etrabyň mynasyp bolan baýragynyň gowşurylmagy uly şatlyk-şowhuna beslendi. Biz halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Nurjahan HOJAÝEWA,

TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy.