Komitetler

SOWGATLAR GOWŞURYLDY

TDP-niň Etrek etrap komiteti etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde etrap merkezindäki 8-nji orta mekdebinde gurulan etrabyň Baş arçasynyň ýanynda etrabyň çagalar baglarynyň körpeleriniň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda Täze ýyl baýramçylyk çäresini geçirdi. Onda etrabyň Çagalar sungat mekdebiniň we medeniýet merkeziniň «Bagtyýar bilbiller» aýdym-saz toparynyň Watanymyzyň gözelligini, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän şowhunly çykyşlary ýaňlandy. Şeýle hem, bu ýerde etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleri kitap sergisini guradylar. Şonuň ýaly-da, etrabyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň çagalar toparlarynyň arasynda birnäçe günüň dowamynda geçirilen bäsleşiginiň ýeňijileri etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary bilen sylaglandylar. Baş arçanyň ýanynda çagalara Täze ýyl sowgatlary hem gowşuryldy.

Dünýägözel MÄMMEDOWA,

TDP-niň Etrek etrap komitetiniň jogapkär işgäri.