Komitetler

ÜSTÜNLIKLERE ÝETIRÝÄN MENZILLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ähli babatda gülläp ösýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan işler her bir raýatda uly buýsanç döredýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de şol Maksatnamalara laýyklykda dürli maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi döwrümiziň bagtyýarlygyndan nyşandyr.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda wajyp gurluşyklaryň düýbi tutulyp, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar. Ata Watanymyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň, öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şeýle ajaýyp başlangyçlaryň biri hem, hormatly Prezidentimiziň taryhy Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde iri dokma toplumyny gurmak boýunça kabul edilen taryhy resminamadyr. Täze guruljak dokma toplumynyň önümçilik kuwwatlylygynyň bir ýylda ýokary hilli matalaryň 3300 tonnasyny, boýalan matalaryň 20 million inedördül metrini hem-de 3,5 million sany taýýar tikin önümlerini öndürmek mümkinçiligine eýe bolmagy örän guwandyryjydyr.

Dokma toplumynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen dünýä bazaryna iberilýän türkmen dokma önümleriniň möçberiniň artmagyna mümkinçilik açylar, ýaşlaryň ýüzlerçesi üçin iş orunlary dörär. Olar ýokary tehnologiýa enjamlaryny dolandyrmak arkaly, ýerli daýhanlarymyzyň ýetişdirýän pagtasyny gaýtadan işlemek bilen, ondan ýokary hilli dokma önümlerini öndürerler. Munuň özi örän buýsançly ýagdaýdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda şeýle iri kärhanalaryň gurulmagynda uly many bar. 2012 — 2016-njy ýyllar aralygynda kuwwaty ýylda 30 müň tonna galla saklaýan ammaryň, awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň we awtomatlaşdyrylan telefon bekediniň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem hormatly Prezidentimiziň adam hakynda aladany ýurt syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şeýle hem Babadaýhan etrabynyň ykdysadyýeti pagtaçylyga, däneçilige we gök ekerançylyga ýöriteleşdirilen bolup, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň hataryna 4 sany umumy orta bilim berýän mekdebiň, 6 sany mekdebe çenli çagalar edarasynyň we jemi 16,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň göz öňünde tutulmagy bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Şageldi BAÝRAMOW,

TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy.