Komitetler

TÜRKMENISTAN – BMG: YGTYBARLY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞ ÝOLUNDA

Şeýle buýsançly şygar bilen golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de şu okuw jaýynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň wekilleri, institutyň mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahaty institutyň mugallymy Şageldi Nurgeldiýew açyp, gün tertibinde seredilmeli mesele bilen tanyşdyrdy hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler dogrusynda gysgaça durup geçdi.

Şeýle hem TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, bölüm müdiri Babajyk Babajykow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Täzegül Nepesowa, TOHI-niň kafedra müdiri Atageldi Musaýew, uly mugallymy Ýazguly Ataýew, mugallymy Aýjeren Tagandurdyýewa dagy çykyş edip, toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän ajaýyp pursatlarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky gelip gowşan hoş habaryň tutuş halkymyzda hoşallyk hem buýsanç duýgularyny artdyrandygyny ýürek şatlyklaryna garyp beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň oňyn ýörelgeleriniň hemişe dünýä ykraryna eýe bolýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrülen bu taryhy wakanyň şonuň ýaly-da, hemişelik Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk toýunyň toýlanýan ýylynyň mazmunyny has baýlaşdyrandygyny nygtap geçdiler.

Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň hem-de onuň esasynda öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä ýurtlary bilen strategik häsiýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýardam berýändigi barada BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen Gahryman Arkadagymyzyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde uly kanagatlanma bilen bellenilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesiniň giňden dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň mysalyny görkezendigi çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Şeýle beýik işleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýörite habarçymyz.

“Daşoguz habarlary” gazeti.