Komitetler

TÜRKMENISTAN GÖZEL DIÝAR

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy tötänden däldir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan, dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi netijesinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Kararnamanyň kabul edilenine şu ýyl 25 ýyl bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň, uzak geljegi nazarlaýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň netijesinde ata Watanymyzyň abraý-mertebesi günsaýyn ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli, paýhasly syýasatynyň netijesinde berkarar türkmen döwleti rowaçlyklar ýoly bilen öňe barýar.

Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi» diýip belledi. Hakykatdan-da, hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde durnukly ösüşi, howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmekdäki ähmiýetine dünýä jemgyýetçiligi we abraýly halkara guramalary tarapyndan ýokary baha berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda parahatçylyga, dostluga uly sarpa goýulýar. Dostluk hem-de ynanyşmak halkymyzyň iňňän gadymy döwürlerden dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanýan bu ýörelge bütin dünýäde ykrar edilýär hem-de goldanylýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnama 2015-nji ýylda ikinji gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň parahatçylygy, ylalaşyklygy we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmegiň merkezine öwrülendigini ýene-de bir gezek subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, deňhukukly hyzmatdaşlyk, abadançylyk, durnukly ösüş Türkmenistanyň daşary syýasatda öňe sürýän esasy ugurlarydyr. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatymyzyň özeni bolup durýar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen bir hatarda abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp döwletleri bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň: «1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi paýhasly we öňdengörüjilikli çözgütdir. Onuň Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň şertlerindäki ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýändigini wagtyň özi görkezdi. Şondan soň bolan wakalar bu ýörelgäniň oňyndygyny aýdyňlyk bilen tassyklady» diýip belleýşi ýaly, beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagy babatynda giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň dünýä derejesinde tutýan orny berkeýär, ýurdumyzyň halkara abraýy günsaýyn artýar.

Bahar PIRIÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

Daşoguz welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň wagyz-nesihatçysy.

“Parahatlyk ýürek baýdagy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly bäsleşige.