Komitetler

«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA

Hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanylyp, TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň agzalary bilen «tegelek stoluň» başynda guran söhbetdeşligi täsirli çäreleriň biri boldy.

Ýokary işjeňlige beslenen söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen özara bähbitli, dünýä ähmiýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegi netijesinde, eziz Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň barha artýandygyny, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň günsaýyn ýokarlanýandygyny aýratyn nygtap, bu ösüşleriň her biriniň ýurdumyzyň iň bir çet künjeginde ýerleşýän etraba-da gönüden-göni dahyllydygyny buýsanç bilen aýtdylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy ýagty ertirlere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.

«Türkmenistan» gazeti.