Komitetler

ULAG ULGAMY ÖSÜŞDE

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyz üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan täze gatnaw ugurlaryny ösdürmek uly ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ulag toplumynyň ösüşiniň esasy aýratynlygy ýurdumyzyň, şeýle-de sebitleriň ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolan halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglary peýdalanylmak bilen, amatly, howpsuz halkara geçelgeleri döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda birnäçe iri ulag taslamalary durmuşa geçirilýär, ulag amatlyklarynyň bar bolan desgalarynyň durkuny täzelemek we täze desgalary gurmak işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar, ýük we ýolagçy awtoulaglary täzelenilýär, halkara ulag geçelgelerini emele getirmek dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik başlangyçlary biziň döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Şol başlangyçlar bolsa ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge we köp şahaly ulag üstaşyr düzümi döretmäge, suw we ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedindäki «Sarahs — Sarahs» gözegçilik geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Serhetdäki derýanyň iki tarapynda hem baýramçylyk ýagdaýy höküm sürüp, aýdym-sazlar ýaňlandy, döredijilik toparlary çykyş etdiler. Desga inženerçilik tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýär we agram, ýük göterijiligi, awtoulaglaryň hereketiniň tizligi göz öňünde tutulyp bina edilipdir. Mundan başga-da, bu logistiki taslamanyň çäklerinde Tejen — Sarahs, şol sanda, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň üstünden geçip, daşary ýurtlardan gelýän uly ýük göteriji iri ulaglar üçin awtomobil ýoly guruldy. Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtoulag köprüsiniň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetini belläp, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistika düzümlerini netijeli peýdalanmak hem-de dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba almak bilen, türkmen eýran gözegçilik geçiriş nokatlarynda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk çärelere garaldy. Şeýle de dabarada çykyş edenler milli Liderimiziň özgertmeleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Bellemeli zat, häzirki döwürde ýurdumyzyň milli logistika ulgamy eziz Arkadagymyzyň goldawy netijesinde gülläp ösýär. Täze ulag ýollary gurlup, ozalkylary döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi Türkmenistana ýükleri gatnatmakda uly mümkinçilikleri açýar.

Serdar ANNAÝEW,

TDP-niň Tejen şäher komitetiniň başlygy.