Komitetler

UMUMADAMZAT GYMMATLYGY

Täze taryhy eýýamda dünýä nusgalyk ösüş-özgerişlere beslenýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçer.

Milli Liderimiziň mermer paýtagtymyz Aşgabatda geçirlen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda eden taryhy çykyşynda munuň wajyp senedigini, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadygyny, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdigini aýratyn nygtamagy has-da buýsandyryjy häsiýete eýedir. Şu ýylyň dekabrynda merjen şäherimizde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat hem dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekjek möhüm waka bolar diýip ynam bilen aýtmaga doly esas bar.

Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji ýyllarynda hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagy, şol sanda Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir we guwandyryjydyr. Has takygy, 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýa şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan ikinji gezek goldanyldy. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwle timiz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, üçünji müňýyllykda dünýäniň dürli yklymlarynyň ýurtlarynyň arasynda hoşmeýilli, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýan döwletleriň hatarynda uly abraýa eýedir. Watanymyzyň bu ýörelgeleri Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmegiň zerurlygy babatda ähli

döwletlere bähbitli garaýyşlaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle ynsanperwer syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagy bolsa, döwletimiziň sebitde syýasy durnuklylygy gorap saklamakda we goldamakda, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, dost doganlygy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG niň ynamly, ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülendigine şaýatlyk edýär. 2007 nji ýylda paýtagtymyzda BMGniň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi hem hut şu hakykat bilen baglanyşyklydyr. Bu merkeziň açylmagynyň onýyllygy mynasybetli 2017-nji ýylyň 17 -nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasy hem Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň nobatdaky ýüze çykmasy boldy. Elbetde, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi umumadamzat ähmiýetli çuň many mazmuna eýedir.

Hemişelik Bitarap döwletimiz daşary syýasatda sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şuňa laýyklykda, ýurdumyz halkara giňişliginde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem, sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Bu bolsa Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär. Biziň ýurdumyz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artýandygy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara derejesinde uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Bagtyýarlyk zamanamyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Mary welaýatynyň hem ähli künjeklerini gurşap aldy. Welaýatymyzyň dürli ýerlerinde bu ajaýyp baýramyň şanyna guralýan toý dabaralarynda berkarar döwletimizi baky bagtyýarlygyň hem de toý baýramyň mekanyna öwren hormatly Prezidentimiz alkyşlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edilýär.

Gurbangül MÄDENOWA,

TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy.