Komitetler

ÝURDUMYZDA SANLY YKDYSADYÝET

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Konsepsiýada goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek işiniň ylmy esasda alnyp barylmagy we bu ugurda dünýä tejribesiniň öwrenilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär.

Ykdysadyýeti üstünlikli sanlylaşdyrmagyň möhüm şerti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde amala aşyrylmagyny we sanly hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagyny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini hem-de öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine we öňdebaryjy ylymlara esaslanan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda tehnologik innowasiýalar önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Şoňa göräde, önümçiligiň usullary düýpgöter özgerýär, adamlaryň aň bilime we iş endiklerine bildirýän talaplary artýar. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň umumy netijeliligini ýokarlandyrmaga, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklara döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyply we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlylygy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny, esasan, iki maksada gönükdiril ýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilme ginden, şol sanda önümçilik serişdeleri niň hasabatlarynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ikinjisi bolsa önümçiligi sanly ýörelgä eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan amatly şertleriň döredilmegidir.

Sanly ykdysadyýet, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy — häzirki zaman globallaşýan dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolmak bilen, mikroelektronika, maglumat we maglumataragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşlere esaslanýar.

Biz dünýä ösüşine, ylmyna, tehnikasyna, innowasiýasyna, medeniýetine ynamly goşulmakda kämillik ýoluny geçýäris. Dünýä siwilizasiýasyna özüniň tapylgysyz medeni mirasy bilen giren türkmen halkynyň geçmişi buýsançly, şu güni eşretlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky syýasaty netijesinde bagtyýarlyk döwrüniň ruhunda terbiýelenýän, geljekki Watan eýeleri bolan ýaşlarymyz üçin hem bimöçber aladalar edilýär. Bu babatda aýdylanda, ýurdumyzda durmuşa geçiril ýän ägirt uly işleriň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri, sagdyn durmuş ýörelgeleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda ýetilýän sepgitler halkymyzyň ruhuny has -da belende göterýär. Şol belent sepgitler geljekde berkarar döwletimizde kämil hünärmenleriň ösüp ýetişjekdigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, geljekki nesilleri döwrebap kemala getirmek, ýaşlary dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimlere we hünär başarnyklaryna eýe etmek, sagdyn durmuş endiklerine ugrukdyrmak üçin hem örän uly tagallalary durmuşa geçirýär. Biz — partiýa işgärleri, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläkde ýokarlandyrmak baradaky tagallalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň işjeň wagyzçylary bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň giň möçberli maksatnamalaryny, öňümizde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde mundan beýläkde ukyp -başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Serdar ANNAÝEW,

TDP-niň Tejen şäher komitetiniň başlygy.