Komitetler

UTGAŞYKLY ÇÄRELER

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ol ýaşlaryň maşgala terbiýesine bagyşlandy we onda milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, türkmeniň edep kadalaryny dogry berjaý etme giň ýollary barada giňişleýin gürrüň edildi. Balkan welaýat kitaphanasynda geçirilen maslahatda bolsa hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde sözlän sözünden we kabul eden çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky bölüminde işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Nurbibi DÄDEBAÝEWA,

TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy.