Komitetler

ÖWÜT-ÜNDEWE BESLENDI

Golaýda «Arkadagyň ak ýollary rowana, şu günüm bagtyýar, ertäm nurana» diýen at bilen Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli etrap merkezindäki 53-nji orta mekdepde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Akdepe etrap komiteti tarapyndan guralan wagyz-nesihat maslahatyna bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar hem-de çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat çäresinde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda berkarar döwletimiziň, şol sanda welaýatymyzyň we etrabymyzyň ähli ugurlarda ýeten belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri barada buýsançly söhbet edildi. Täsirli geçen maslahatyň barşynda öwüt-ündewlere giňden orun berildi.

Kuwat MÄMMEDOW,

TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri.