Golaýda “Arkadagyň ak ýollary rowana, şu günüm bagtyýar, ertäm nurana” diýen at bilen Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli etrap merkezindäki 53-nji orta mekdepde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Akdepe etrap komiteti tarapyndan guralan wagyz-nesihat maslahatyna bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdyrlar hem-de çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat çäresinde “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýylynda berkarar döwletimiziň, şol sanda welaýatymyzyň we etrabymyzyň ähli ugurlarda ýeten belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri barada buýsançly söhbet edildi. Täsirli geçen maslahatyň barşynda öwüt-ündewlere giňden orun berildi.
Kuwat Mämmedow,
TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri