Komitetler

WAGYZ-ÜNDEW DUŞUŞYGY

TDP-niň Bäherden etrap komiteti halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ruhy gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek maksady bilen ýerlerde yzygiderli duşuşyklar geçirýär. Şeýle duşuşyklar golaýda etrabyň 8-nji, 12-nji we 21-nji orta mekdeplerinde guramaçylykly geçirildi. Şol duşuşyklarda çykyş edenler halkyň ruhy gymmatlyklary esasynda, ilkinji nobatda ýaşlaryň hemde ösüp gelýän nesliň arasynda jemgyýetçilik garaýşyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça derwaýys gürrüň edip, gymmatly maslahatlary berdiler.

Rahmanberdi ANNALYÝEW,

TDP-niň Bäherden etrap komitetiniň başlygy.