Komitetler

WAGYZ-ÜNDEW DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda wagyz ündew duşuşygy geçirildi. TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň we Türkmen başy şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz ündew duşuşygynda ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe barýandygy buýsanç bilen bellenilip, şeýle ajaýyp zamanaň gadyryny bilip, ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüş özgerişlerine mynasyp goşandyňy goşup ýaşamagyň parz işdigi, raýatlyk borç dugy aýratyn nygtaldy.

Häzirki taryhy döwürde hemişelik Bitarap döwletimiziň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň oňyn ösüşiniň bähbidine belent işleri amala aşyrmak bilen, ykbal çözüji başlangyçlary, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan ynsanperwer ýörelgeleri ynamly öňe sürýändigi we olary üstünlikli durmuşa geçirýändigi baradaky gürrüňler, hususan-da, duşuşyga işjeň gatnaşan ýaş nesiller üçin has-da täsirli boldy.

Gurbanbagt HAJYMÄMMEDOWA,

TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň bölüm müdiri.