Komitetler

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelik de guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp etrabyň Medeniýet öýünde geçiren wagyz-nesihat duşuşygynda ber karar döwletimizde halkymyzyň eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýandygy, ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe bar ýandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi.

Hususan-da, häzirki taryhy döwürde ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň oňyn ösüşiniň bähbidine belent işleri amala aşyrmak bilen, nurana geljege tarap ynamly gadam urýandygy hem-de ykbal çözüji başlangyçlary, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan ynsanperwer ýörelgeleri ynamly öňe sürýändigi we olary üstünlikli durmuşa geçirýändigi baradaky söhbetler çuň many-mazmuna eýe boldy.

Gülaýym RAHMANOWA,

TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.