Komitetler

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY

TDP-niň Kaka etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklara ýaşuly nesliň wekilleri hem gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda gazanylýan üstünlikler, toplumlaýyn amala aşyrylýan dünýä nusgalyk beýik işler barada buýsanç bilen gürrüň edildi.

Şeýle hem ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesine laýyklykda we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, il-ýurt bähbitli oňyn özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagynda öňde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin pikir alşyldy.

Suraý HANOWA,

TDP-niň Kaka etrap komitetiniň işgäri.