Komitetler

WATAN BUÝSANJY

Golaýda TDP-niň Serdar etrap komiteti «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli işjeň maslahat geçirdi. Maslahata etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çuň many-mazmuny özünde jemleýändigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem, üstümizdäki ýylda dabaraly bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň taryhy ähmiýeti barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Ynsanperwer durmuş syýasaty, adam üçin döredilýän oňaýly şertler tutuş halkymyzda mähriban Arkadagymyza, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan depginli ösdürmek ugrunda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ilatymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen gurulýan senagat, durmuş-medeni maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar. Halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň geriminiň giňeldilmegi, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, ähli döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.

Orazgeldi MÄMMETGELDIÝEW,

TDP-niň Serdar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.