Komitetler

WATANYMYZY ROWAÇLYGA BESLÄN RÖWŞEN ÝYL

Muhammetmyrat REJEPOW,

TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň başlygy:

— Her ýylyň özüne mahsus aýratynlyklary, şatlykly pursatlary, guwançly günleri bolýar. 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly hem ýurdumyz üçin örän düşümli ýyllaryň biri boldy. Ýylyň dowamynda ýurdumyz üçin bähbitli wakalar, şanly pursatlar az bolmady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara de rejesinde birinji Hazar ykdysady forumynyň, Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we beýlekiler ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrdy. Bulardan başgada, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen il bähbitli, ýurt ähmiýetli wakalar halkymyzyň bolelin durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirildi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly meniň üçin hem ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglanmagym depämi Gök diretdi. Bu sylag meniň bilen bir hatarda TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, onuň ilkinji partiýa guramalarynyň ähli işjeňlerini begendirdi hem-de täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Täze ýylda hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri hem daşary syýasatyny halkyň arasynda wagyz-nesihat etmekde, düşündirmekde yhlasymyzy, başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Nurjahan HOJAYEWA,

TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy:

— Täze tutumlara rowaçlyk beren «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda etrabymyzyň «Gorjaw» geňeşliginiň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň düýbüniň tutulmagy we gurluşyk işleriniň ýokary depginlerde ýaýbaňlandyrylmagy milli Liderimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň ruhuny has belende göteren bu taryhy waka kalbymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymata eýerýän we adam hakyndaky aladany baş wezipeleriniň birine öwren Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy.

Milli Liderimiziň bu syýasaty halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek, sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeler oňyn çözgüde eýe bolýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna goltgy berýär. Şeýlelikde, welaýatymyz bu gün günsaýyn, sagatsaýyn pajarlap ösýär we düýpgöter özgerip, özboluşly gözellige beslenýär. Welaýatymyzyň agzybir, zähmetsöýer ilaty halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün edýän hormatly Prezidentimize müň mertebe alkyş aýdýar.

Eziz Diýarymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmak hem-de halkymyzyň abadan, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza buýsanjymyz çäksizdir! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Şamyrat Akmämmedow,

TDP-niň Serdar etrap komitetiniň başlygy:

— Belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän okgunly özgertmeleri netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen deň hatarda Balkan welaýaty hem gün-günden gülläp ösýär. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny üstünlikli jemläp, Täze ýyla ruhubelent gadam basdylar. Geçen ýyl welaýatymyzyň durmuşynda-da ençeme taryhy wakalar bolup geçdi. Tamamlanan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2019 — 2025-nji ýyllarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitlerini özleşdirmek babatda işlenip taýýarlanan Konsepsiýa durmuşa geçirilip başlandy. Oňa laýyklykda, Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy düýpgöter gowulandyrylýar hem-de bu ýerde milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen düýbi tutulan döwrebap nusgadaky täze obanyň gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýar.

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda etrabymyzyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde Prezident Maksatnamasyna laýyklykda gurlan täze döwrebap Rowaç atly obanyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bolsa milli Liderimiziň halkymyza ýatdan çykmajak baýramçylyk sowgady bolup taryha girdi. Bu tutumly işler welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz hoşallyk duýgusyny artdyrdy. Çünki ýurdumyzda döredilýän ajaýyp obalar ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyna ýenede şatlyk goşýar we ýüzlerçe adamy iş bilen, eşretli durmuş bilen üpjün edýär. Täze ýylyňyz gutly bolsun, Gahryman Arkadagymyz!

Ýalgaşbaý ÝOLDAŞEW,

TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

— Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilýän maksatnamalara laýyklykda, Watanymyz tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Bu Daşoguz welaýaty babatda aýdylanda hem şeýledir. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 24 ýyllygynyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda da welaýatymyzyň ilaty şeýle şatlykly pursatlary başdan geçirdi. Köneürgenç şäherinde Daşoguz şäher «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşykçylarynyň guran täze 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berlen bolsa, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde «Altyn tug» hususy kärhanasynyň guran döwrebap ýyladyşhanasy ulanylmaga berildi. Täze ýaşaýyş jaýynda ýaşajak ildeşlerimiziň-de, ýyladyşhanada zähmet çekjek ýaşlaryň hem Gahryman Arkadagymyza hoşallygy çäksizdir.

Gadam basan 2020-nji ýylymyz hem «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly ýaly ajaýyp üstünliklere beslenjek ýyllaryň biri bolar. Munuň şeýle boljakdygyny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeler doly şaýatlyk edýär. Täze ýyl her bir öýe bagt getirsin, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutumly işleri rowaç alsyn!

Bäşim Akyýew,

TDP-niň Halaç etrap komitetiniň bölüm müdiri:

— Ýurdumyzyň gündogar welaýaty bolan, gojaman Jeýhuny jähekläp oturan Lebap welaýaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tanalmaz derejede ösdi, özgerdi.

Şu geçen ýyllaryň içinde gurlan ägirt uly binalar asyrlara barabar işlerdir. Welaýat merkezi Türkmenabatdan başlanýan özgertmeler etrapdyr şäherlerimize ýaýrap, halkymyzyň abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyna hyzmat edýär. «Her gülüň öz ysynyň» bolşy ýaly, her ýylyň hem öz ösüş aýratynlyklary bolýar. 2019-njy ýyl Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň ilkinji ýyly bolup, welaýatymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalar kän boldy. Şolaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, welaýatymyzyň dört etrabynda — Çärjew, Saýat, Halaç hem-de Kerki etraplarynda täze şäherçeleriň düýbüniň tutulmagydyr. Ýenede sanlyja ýyldan atlary agzalan etraplarda täze şäherçeler peýda bolar.

2019-njy ýyl, halkymyzyň durmuşynda bolşy ýaly, meniň durmuşymda hem şatlykly pursatlary bilen ebedilik galar. Çünki bu ýyl meniň köp ýyllyk çeken zähmetime mynasyp baha berlip, «Watana bolan söýgüsi üçin» medala mynasyp boldum. Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagyň uly bagt bolşy ýaly, jogapkärçiligiňem artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şu günler ýerlerde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly uly işler alnyp barylýar. Geçiriljek Konstitusion özgertmelere öz mynasyp goşandymyzy goşup, hormatly Prezidentimiziň talabyny ödäris. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

Hekimberdi ORAZBERDIYEW,

TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy:

— Şöhratly zamanamyzda iň bir düşümli ýyllaryň biri bolan «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly Bitarap döwletimizi belent sepgitlere ýetiren, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary göteren ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler giň gerimliligi we çuň many-mazmuna eýedigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda hem belleýşi ýaly, ata Watanymyzy ösdürmekde 2019-njy ýylda hem tutumly işler amala aşyryldy. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymata ygrarly ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga itergi berjek köp sanly iri desgalar guruldy we gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.

Welaýatymyzyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze döwrebap şäherçeleriň düýbüniň tutulmagy welaýatymyzyň ähli ilatynyň kalbynda milli Liderimize çäksiz alkyş-hoşallyk sözlerini joşdurdy. Şu etraplarda hem-de Mary şäherinde guruljak ýaşaýyş jaýlarynda maşgalalaryň 3066-sy täze jaý toýuny tutarlar. Döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurulýan täze binalaryň arasynda döwrebap saglyk we medeniýet öýleriniň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, lukmançylyk we söwda merkezleriniň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň bolmagy ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugruna öwrülendigine bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Elbetde, halkymyzyň ruhubelentlik bilen garşy alan Täze ýylynyň ata Watanymyzy diňe rowaçlyga beslejek düşümli ýyl boljakdygyna biziň her birimiz tüýs ýürekden ynanýarys. Goý, bu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizi bedew batly ösüşlere, bagtyýar halkymyzy uly üstünliklere ýetirjek düşümli ýyl bolsun!