Komitetler

ZÄHMET JOŞGUNY

Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly dabaralar bilen belleniljek şanly seneleri zähmet sowgatlary bilen garşy almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Häzirki jogapkärli döwürde — pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde TDP-niň işjeň agzalary pagtaçy-kärendeçilerimiziň arasynda bolup, olaryň armasyny ýetirip durýarlar.

Ýolöten etrabymyzyň daýhan birleşikleriniň pagta meýdanlarynda geçirýän medeni çärelerimiz «ak altyn» ussatlarymyz üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý bolýar. Päk zähmetiň gaýnap joşýan bereketli atyzlarynda etrabymyzyň Medeniýet bölüminiň işgärleriniň ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynyň şirin owazlary, degişme sahnalary pagtaçylarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Zähmet de tapawutlanýan öňdebaryjy «ak altyn» ussatlarymyzyň birnäçesine gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrýar.

Toýly ANYŞOW,

TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy.