Komitetler

ZÄHMETDEN BAGT TAPAN

«Ýurdumyzyň oba hojalygynda durmuşa geçirilýän täze özgertmelerden gaýratlanyp, Hak nazary düşen gadymy türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekde, sähralarymyzyň berekedini has-da artdyrmakda siziň agzybir zähmetiňiziň ähmiýeti çäksizdir».

Hormatly Prezidentimiziň keremli kalbyndan joşup, şirin zybanyndan çykan bu jümleler rysgal-berekede baý ýurdumyzyň ýüzläp-müňläp zähmetkeş gallaçylaryna güýç-gaýrat, egsilmez ruhubelentlik bolup, olary täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Köňüllere hyjuw, synalara gaýrat berýän bu şirin kelamy her bir gallaçy özüne ýüzlenilip aýdylan ýaly kabul edýär.

Bu gün tyllaýy şugla bolup, biserhet umman ýaly tolkunyp ýatan altynbaş bugdaýly meýdanlary synlanymda ýokarky jümleler hakydama dolup, TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň agzasy, ussat gallaçy Aşyrmuhammet Söýünow göz öňüme gelýär.

Adamy tanamak üçin gatnaşmaly, iş salyşmaly, ýakyn-u-uzak ýollarda ýoldaş bolmaly. Şeýle basgançaklaryň ählisini geçenim üçin özümi ony has içgin, ýakyndan tanaýan adamlaryň biri hasaplaýaryn.

Asly daýhan maşgaladan çykan, bütin ömrüne diýen ýaly ýer-toprak bilen iş salşyp gelýän Aşyrmuhammet Söýünow — eziz Arkadagymyzyň oba hojalygyny, esasan hem gallaçylygy ösdürmek baradaky aladalaryndan, berýän kömek-goldawyndan peýdalanyp, halal zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar ýaşaýan kärendeçileriň biri, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginde 100 gektar ýere eýeçilik edýän kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy.

Aşyrmuhammediň kärendeçiler toparynyň zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna «Babadaýhanyň» bereketli topragyndan ak bugdaýyň bol hasylyny alyp, saçaklarymyzyň bolçulygynyň artmagyna mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler. «Iş bitirseň, il tanar» diýleni. Nygmatlaryň naýbaşysy, bolçulyk çeşmesiniň gözbaşy bolan ak bugdaýy öndürmekde olaryň gazanýan ýokary netijelerini uly il görýär. 2005-nji ýylda Aşyrmuhammede berlen ýokary döwlet sylagy — «Gaýrat» medaly hem hut şonuň üçindir.

Ak bugdaýy boldan öndürmekde adygyp, at-abraý gazanan Aşyrmuhammediň döşüni Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy ýubileý medaly hem bezeýär. Ol bu döwlet sylagyna 2016-njy ýylda mynasyp boldy. Aşyrmuhammet bu dereje-mertebeleriň ählisini topar agzalarynyň agzybirliginde, gaýratlylygynda görýär.

— «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýipdir öten eždatlarymyz. Şu sözleri ýatlamak bilen, meniň işdeş ýoldaşlarym — «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi Hemra Söýünowyň, Annamuhammet Annaýewiň, Güýçgeldi Baýramgeldiýewiň, Merdan Annaýewiň, Esen Söýünowyň çekýän zähmetleriniň köpe göreldedigini belläsim gelýär. Geçen ýyl 100 gektar meýdanyň her gektaryndan 87 sentner hasyl alyp, jemi 850 tonna guşgursak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrdyk. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyndaky tutumlarymyz has uly. Nesip bolsa, şu ýyl her gektaryň hasyllylygyny 90 sentnerden geçireris diýen tamamyz bar. Hormatly Prezidentimiziň berýän kömek, goldawy şeýle ýokary sepgidi nazarlamaga esas berýär — diýip, Aşyrmuhammet gürrüň berýär. Onuň mizemez ynama hem buýsanja ýugrulan sözleri niýetlenýän sepgidiň hakykada öwrüljekdigine güwä geçýär.

Biz hem «Babadaýhanyň» gaýratly hem maksadaokgunly kärendeçi ýigitlerine täze üstünlikleri arzuw edýäris.

Baýramdurdy MEREDOW,

TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň başlygy.

“Parahatlyk ýürek baýdagy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly bäsleşige.