Komitetler

ÖZGERIŞLERIŇ AK ÝOLUNDA

Ylmyň we tehnikanyň artykmaçlyklary diňe bir ykdysadyýetde oňyn netijesini bermän, eýsem, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna baryp ýetýär.

Ýurdumyzyň ösüşinde häzirki döwre innowasiýa taýdan öňe tarap uly ädim ätmegiň döwri diýmek bolar. Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taý dan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, biz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýýarys. Şunda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy, maýa goýum we ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýaly serişdeler we gurallar aýratyn orun tutýar.

Şunuň bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinde beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň, başlangyçlaryň esasynda milli Liderimiziň suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatdaky teklipleriniň Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny şöhlelendirýär. Ykdysadyýetiň pudaklary boýunça durmuş maksatly we önümçilik desgalarynyň gurulmagy hem-de esasy önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanawy düzüldi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda asuda durmuşy pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmeler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldaw tapýar. Ýurdumyzda döwrebap önümçilik kärhanalarynyň, zawoddyr fabrikleriň gurulmagy döwlet syýasatynyň ykdysady ugruny güýçlendirip, sebitde we dünýäde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüş ýoly bilen öňe barýandygyny görkezýär.

Welaýatymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň her birinde täze taryhy eýýamymyzyň bedew bady, ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň güýji aýdyň duýulýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda welaýatymyzyň ähli künjeklerinde önümçilik durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň ta gallasy bilen welaýatymyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap desgalaryň iki siniň — 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň düýbüniň tutulyp, gurluşygyna badalga berilmegi bu ugurdaky maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, S.A. Nyýazow adyndaky etrabymyzda hem ýaşaýyş jaý toplumynyň gurulmagy bagtdan paýly ildeşlerimiziň şatlygyny goşalandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Gurbansoltaneje adyndaky etrabymyzda hem dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde gurlup, ulanylmaga berlen ähli amatlyklary bolan orta mekdepler, çagalar baglary, sport mekdepleri, oba saglyk merkezleri, Daşoguz şypahanasy bu günki günde halkymyza hyzmat edýär. Ýene-de aýratyn bellenilip geçmeli zatlaryň biri, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda etrabymyzda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň hatarynda 180 orunlyk Inçekesel hassahanasyny, Saglyk öýüni, 2 umumy orta bilim berýän mekdebi, 2 mekdebe çenli çagalar edarasyny, jemi 74,7 müň inedördül metr meýdany eýeleýän ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Halkymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy üçin, saglygyny dikeltmegi, oňaýly şertlerde dynç almagy üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri ýüreklerde joşup dur. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda gadymy Daşoguz topragynyň barha öz gerýändigini alamatlandyrýan beýik işler giňden ýaýbaňlanýar. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary özleri hakdaky aladalara mynasyp jogap edip, yhlasly we döredijilikli zähmet çekýärler.

Şatlyk GURBANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,

TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň başlygy.