Komitetler

ÖZGERIŞLERIŇ ÝURDY

TDP-niň Kerki etrap komitetiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar” diýen at bilen maslahat geçirildi. Kerki etrabynyň Medeniýet merkezinde guralan maslahat jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, ilkinji guramalaryň başlyklary, etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işjeň agzalar gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de halkyň bähbidine gönükdirilen belent maksatly işleri, bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryna bildirýän talaplaryny berjaý etmekde öňde durýan wezipeler barada-da durlup geçildi. Türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin tagalla baryny edýän milli Liderimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Muhammet Gandymow,

TDP-niň Kerki etrap komitetini jogapkär işgäri.