Komitetler

ÖZGERIŞLI DÖWRÜŇ ŞANLY ROWAÇLYKLARY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýik ösüşlere we özgerişlere barýan Watanymyz gün-günden pajarlap ösýär. Güneşli Diýarymyzda arzuwlar wysala ýetip, maksatlar myrat tapýar. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň, taýsyz-tagallalarynyň, irginsiz aladalarynyň netijesinde halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa doly ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda keselleri anyklamak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri bolan saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup, ulanylmaga beridi. Elbetde, olar, döwrebap derejede, dünýä ülňülere laýyk gelýän kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, raýatlarymyzyň saglygyny doly dikeltmäge ýakyndan ýardam berýär. Biziň Türkmenabat şäherimizde hem şeýle döwrebap hassahanalaryň birnäçesi bar. Welaýat köpugurly hassahanasy, Çaganyň we enäniň saglygyny goraýyş, «Ene mähri», Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleri ýaly birnäçe saglygy goraýyş edaralary halkyň hyzmatynda.

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramagy iň esasy meseleleriň birine öwren Gahryman Arkadagymyz özüniň köp jiltden ybarat bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik eserini halkymyza peşgeş berdi. Bu kitapda tutuş ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň her biriniň bejerijilik ähmiýeti baradaky peýdaly maslahatlar diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, daşary ýurt dillerinde hem çap edildi. Şeýle-de diňe lukmanlara däl, eýsem, her bir isleg bildirýän adamyň ony gollanma hökmünde öý şertlerinde peýdalanmaga mümkinçiligi bardyr.

Biz hem ilatyň arasynda bu kitabyň ähmiýetini düşündirýäris. Şonuň ýaly-da şu günler ýaşaýjylaryň arasynda we ähli edara-guramalarda arassaçylyk kadalaryny berk saklamak, howanyň düzümindäki tozan bölejiklerinden goranmak maksady bilen agyz-burun örtüklerini ulanmaklygy we ýörite ellikleri geýmekligi wagyz-nesihat edip, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga ýakyndan ýardam berýäris. Daşarydan gelenimizde hökmany suratda ellerini sabynlap ýuwmaga çagyrýarys. Bu kadalary berjaý etmek özümizi, maşgala agzalarymyzy, şeýle-de jemgyýetimizi dürli howply ýokançlardan goradygymyzdyr.

Tawus BERDYÝEWA,

TDP-niň Türkmenabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

“Türkmen gündogary” gazeti.