Komitetler

TDP-niň Çärjew etrap komiteti

Ýaşlar — ýurduň daýanjy

Ata-babalarymyzyň kämil şahsyýetleri kemala getirmekdäki asylly ýörelgeleri we milli däpleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletimizde bagtyýar türkmen ýaşlaryny dünýäniň häzirkizaman talaplaryna laýyklykda ýaşatmak, okatmak we giň zähmet şertleri bilen üpjün etmek maksady esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler, oňyn tutumlar-da mynasyp dowam etdirilýär. Bular dogrusynda ýakynda etrap häkimliginde geçirilen maslahatda täsirli çykyşlar diňlenildi.

Turkmen

BOL HASYLLY MEÝDANLARDA

Hormatly Prezidentimiziň şa gadamynyň Lebap topragyna düşmegi etrabymyzyň raýatlarynyň başyny Göge ýetirdi. Milli Liderimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Berdimyrat Narmämmedowyň kärende ýerine geldi. 

Turkmen

MASLAHAT GEÇIRILDI

TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, ol «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň gündelik durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalardan, gülläp ösüşlerden ruhlanýan raýatlarymyz maslahata işjeňlik bilen gatnaşdylar.

Turkmen

BUÝSANJYMYZY ARTDYRDY

Ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ata Watanymyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Ýurt Baştutanymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmakda alyp barýan tutumly işleri, belent maksatly özgertmeleri her birimiziň geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar.

Turkmen

BAGT BAGYNYŇ MIWESI

Ýurdumyz saýlap alan döredijilik, ynsanperwerlik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ägirt uly özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylýan ýeri bolan gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda täze keşbe girýär. Ata Watanymyzda türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ähli ulgamlaryny öz içine alýan maksatnamalaýyn özgertmeler barha giň gerime eýe bolýar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlara barabar işler bitirildi.

Turkmen