Komitetler

TDP-niň Ýolöten etrap komiteti

Ajaýyp kitaby okap..

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylymyz özüniň guwandyryjy wakalary bilen türkmen halkynyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny baýlaşdyrýar. Giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň neşir edilendigi baradaky şatlykly habar hem halkymyzy örän begendirdi we guwandyrdy.

Turkmen

HÄZIRKI WE GELJEKKI NESILLERE NUSGA

Ýakynda TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen etrabymyzdaky bilim we saglygy goraýyş edaralarynda guran wagyz-nesihat çärelerinde ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyzyň wesýet eden beýik taglymlarynyň häzirki we geljekki nesiller üçin nusga bolmalydygy, çeper döredijilikde hem durmuşda öz beýanyny tapmalydygy bellenildi.

Turkmen

ZÄHMET JOŞGUNY

Şu günler welaýatymyzyň babadaýhanlary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly dabaralar bilen belleniljek şanly seneleri zähmet sowgatlary bilen garşy almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Turkmen

Konstitusion özgertmeler durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ynamly öňe barýar.

Turkmen

NUSGALYK ÝÖRELGELERE EÝERIP

Ýakynda TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň etrap hassa hanasy we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Turkmen

HASABAT-SAÝLAW ÝYGNAKLARY GEÇIRILÝÄR

TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň ilkinji partiýa guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilýär. 

Turkmen

DABARALY ÇÄRE

Golaýda Ýolöten etrabyndaky Medeniýet öýünde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda eýelenen belent sepgitler, gazanylan il ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli beýik işler hakynda aýratyn durup geçdiler.

Turkmen

HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

Ýakynda Ýolöten etrabyndaky Medeniýet öýünde TDP-niň Ýolöten etrap komiteti etrabyň jemgyýetçilik guramalary we etrap häkimligi bilen bilelikde dabaraly maslahat geçirdi.

Turkmen

Ýakynda TDP niň Ýolöten etrap komiteti etrap prokuraturasy, TAP-nyň Ýolöten etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi bilen bilelikde «Halal zähmet — döwletiň başy» atly wagyz nesihat çäresini geçirdi.