Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň eline gowşan «Paýhas çeşmesi» kitabynda saglyk bilen bagly ençeme nakyllar bar. «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Saglyk – baýlyk», «Saglyk isleseň – köp iýme, hormat isleseň – köp diýme» ýaly nakyllary döreden ata-babalarymyz her kimiň öz saglygy barada çynlakaý alada etmelidigini ündäpdirler.