Komitetler

TDP-niň Baýramaly etrap komiteti

Hasyl ýygymynda

Gant şugundyrynyň ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, özünden soňky ekilen ekiniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli ekinleriň biridigine geçen ýyllaryň dowamynda ymykly göz ýetiren ekerançylaryň, hususan-da, gallaçylaryň müňlerçesi her ýyl galla hasylyny ýygnanlaryndan soň, onuň yzyna güýzlük gant şugundyryny ekmegi daýhançylyk durmuşyna ymykly girizdiler. Bu asylly daýhançylyk däbini indi birnäçe ýyldan bäri Baýramaly etrabynyň däneçileri hem dowam etdirip gelýärler.

Turkmen

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT

Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynda TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň, TKA-nyň Baýramaly etrap birleşmesiniň etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýa syna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny wagyz nesihat etmek boýunça alnyp barylýan işlere we öňde duran möhüm wezipelere bagyşlanyp maslahat geçirildi.

Turkmen

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelik de guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp etrabyň Medeniýet öýünde geçiren wagyz-nesihat duşuşygynda ber karar döwletimizde halkymyzyň eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýandygy, ata Watanymyzyň belent sepgitleri eýeläp, bedew bady bilen öňe bar ýandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi.

Turkmen

OKUW MASLAHATY

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Murgap etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde etrap häkim likleriniň wekilleriniň, etraplaryň jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleriniň, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklarynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlarynyň, mehanizatorlarynyň, gallaçy kärendeçileriniň we il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda okuw maslahaty geçirildi.

Turkmen