Komitetler

TDP-niň Babadaýhan etrap komiteti

Alkyş size, Arkadag!

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Babadaýhan etrabynda täze, iri dokma toplumynyň açylmagy ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Bu dokma toplumynyň açylyşyna Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermegi we etrabyň ähli zähmetkeşlerini mähirli gutlamagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenen dabarada oňa gatnaşan ildeşlerimiziň göwün göteriji, buýsançly sözlerini diňlemek, olaryň şatlygyny deň paýlaşmak biz üçin has-da ýakymly boldy.

Turkmen

DÖWLETLI IŞLERIŇ DOWAMY

Bagtyýar halkymyzyň ýeten belent derejesini, berkarar döwletimiziň dünýä nusgalyk ösüş-özgerişini özünde jemleýän Arkadagyň ajap eýýamynda — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda her bir günümiz üstünliklere we zähmet ýeňişlerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eýelenýän belent sepgitler baky Bitarap döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Turkmen

UMUMADAMZAT GYMMATLYGY

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň we etrabyň bilim bölüminiň guramagynda etrapdaky 2-nji orta mekdepde «Baky Bitaraplyk — umumadamzat gymmatlygy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirilip, täze taryhy eýýamda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen eýelenýän belent sepgitler, baky Bitarap döwletimiziň bütin dünýä ýaň salýan taryhy özgerişleri barada buýsançly gürrüň edildi.

Turkmen

BAKY BITARAPLYK — BUÝSANJYMYZ

Türkmen döwletiniň hoşniýetli, ynsanperwer, adalatly, dost-doganlyga ygrarlylyk ýörelgelerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilen ýokary ynamyň nyşany bolan baky Bitaraplyk hukuk ýag­daýy häzirki zaman taryhynyň şamçyragyna öwrüldi. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde belleniljek güni barha ýakynlaşýar.

Turkmen

BAKY BITARAPLYK — PARAHATLYK AÝDYMY

Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynda «Bitaraplyk — parahatlyk aýdymy» ady bilen geçirilen dabaraly duşuşyk baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Dabaraly duşuşygy TDP-niň etrap komiteti hem-de etrap merkezi kitaphanasy bilelikde gurady. Kitaphana işgärleriniň we köp sanly okyjylaryň, şeýle-de, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi, goşgular okaldy.

Turkmen

EZIZ WATAN GALKYNÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem rowaçlyklara beslenip, taryhyň şöhratly sahypalary ýazylýar.

Turkmen

ÜSTÜNLIKLERE ÝETIRÝÄN MENZILLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ähli babatda gülläp ösýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrylýan işler her bir raýatda uly buýsanç döredýär.

Turkmen

ÖSÜŞLERIŇ NURANA ÝOLY

Babadaýhan etrabynyň «Ak altyn» geňeşli ginde ýurdumyzda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleriň many mazmunyny oba ýaşaýjylaryna düşündirmek maksady bilen, wagyz nesihat maslahaty geçirildi.

Turkmen

IŞJEŇ ÝAGDAÝDA GEÇDI

Babadaýhan etrap häkimliginde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerine bagyşlanyp wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Turkmen

MOHUM WEZIPELERE BAGYŞLANDY

TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň ilkinji partiýa guramalarynda hem şu günler hasabat saýlaw ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Geçirilýän ýygnaklarda hasabat döwründe ilkinji partiýa guramalarynyň alyp barýan işleri hakynda hasabatlar diňlenilýär. Öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenilýär.

Turkmen

Pages