Haýsy döwletde toýlar toýlara ulaşýan bolsa, elbetde, bu şol ýurtda işleriň rowaçdygyndan, zähmet gaýnap-joşup, şonuň netijesinde hem uly üstünliklere eýe bolunýandygyndan, halkyň agzybirdiginden, jebisdiginden, eşretli, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändiginden nyşandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şeýle döwletdigini biz bu günki gün uly buýsanç bilen aýdyp bilýäris.