Komitetler

TDP-niň Dänew etrap komiteti

Ýürekleriň aýdymy

Halkymyzyň öňden gelýän milli däpleriniň düýp mazmuny we häzirkizaman aňlatmasy bolan türkmen Bitaraplygy parahatçylyksöýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistany sebitde we dünýäde möhüm syýasy merkeze öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüşiň we oňyn özara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanyp öňe sürýän ilhalar başlangyçlary-da ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki syýasy işjeňligini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Turkmen

Azyk önümleriniň bolçulygy

Ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny işjeňleşdirmek barada aýratyn bellenilýär. Önümçiligiň ähli serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmagyň ýollaryny gözlemek işi umumy ykdysady zerurlyk bolup durýar.

Turkmen

Maşgala ― durmuşyň gözelligi

Ýurdumyzyň şöhratyny, milletimiziň mertebesini Arşa göterjek kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmegi ähli döwürde-de ömrüniň baş manysy saýan halkymyz terbiýe meselesine örän inçelik bilen çemeleşýär. Ömrüni, yhlasyny, zähmetini gaýgyrman, kemala getirýän oguldyr gyzlarynyň il halar adamlar bolup ýetişmekleri, elbetde, ene-atalaryň perzentlerine berýän terbiýesine baglydyr.

Turkmen

ÝURDUMYZ — PARAHAT, ILIMIZ — BAGTYÝAR

Hemişelik Bitaraplyk şöhratly taryhymyzyň, şu günümiziň we geljegimiziň döwletli ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işleri il-ulsumyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, döwletiň hem jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak maksady bilen öňe sürülýän giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar.

Turkmen

BITARAPLYK — BERKARARLYK BINÝADY

Şu ýyl mähriban halkymyz uly baýramy — baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny uludan belleýär. Taryh üçin uzak bolmadyk bu döwürde ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyryldy. Halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan baky Bitaraplygymyzyň taryhynyň sahypalaryna göz aýlasak, olaryň ilkinji sahypalary 1995-nji ýylyň dekabr aýynda altyn harplar bilen ýazyldy.

Turkmen

Yhlasly zähmetiň mynasyp serpaýy

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň we başlangyçlaryň esasynda ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagyny düýpli ösdürmek we özgertmek boýunça alnyp barylýan işlere elmydama guramaçylykly çemeleşilýär. Daýhanlarymyzyň topraga yhlasyny, söýgüsini siňdirip ýetişdiren bol hasylyny ýitgisiz, çalt ýygnap almak ugrundaky aladalarynda uly zähmet üstünliklerine beslenýär.

Turkmen

ŞANLY TOÝA SOWGATLY

TDP-niň Dänew etrap komitetiniň işgärleri işjeň partiýa agzalary bilen bilelikde oba hojalygynda halal zähmet çekýän pagtaçy kärendeçilerimiziň, ýygymçylarymyzyň arasynda «Yhlasly zähmet rowaçlyga getirýär» ady bilen duşuşyk geçirilip, oňa hasyl ýygnamakda etrabyň öňdebaryjylarynyň hatarynda durýan «Jeýhun» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň zähmetsöýer daýhanlary, ýygymçylary we mehanizatorlary gatnaşdylar. Duşuşykda ýygym möwsüminde tapawutlanýan hasyl ussatlaryna TDP-niň Dänew etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Turkmen

RUHUBELENTLIKDE GEÇÝÄR

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň her bir güni, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Dänew etrabymyzda hem ruhubelentlige beslenýär. Şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sportuň küşt, stol tennisi, futbol, gandbol, şaşka, woleýbol, dzýudo görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly geçirilýär.

Turkmen

TÄSIRLI GEÇEN DABARA

TDP-niň Dänew etrap komiteti bilen etrabymyzyň oba Medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp wagyz-nesihat dabarasy geçirildi.

Turkmen

AJAÝYP DÖWRÜMIZIŇ WASPY

TDP-niň Dänew etrap komitetiniň bilim edaralary bilen guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym bilim ulgamynda döredilen mümkinçilikler, ykdysadyýetde, syýasatda gazanylan ösüşler, döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeler barada giňişleýin durup geçdiler.

Turkmen

Pages