Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkara
abraýyny belende götermek babatynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze taryhy döwürde düýpli özgertmeleri has-da çuňlaşdyryp, jemgyýetçilik-syýasy, medeni durmuşyň ähli ugurlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle hem, raýatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga hem-de öňde goýlan beýik maksatlara gönükdirmäge uly ähmiýet berilýär.