Komitetler

TDP-niň Darganata etrap komiteti

BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Golaýda TDP-niň Darganata etrap komitetiniň guramagynda halk köpçüliginiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça Darganata etrap häkimliginde, etrap bilim bölüminde, çagalar we ýetginjekler döredijilik merkezinde, jemagat hojalygy bölüminde duşuşyklar guraldy.

Turkmen

ÝERALMA — ÖZBOLUŞLY NYGMAT

Arkadag Prezidentimiziň şu ýylyň orak möwsüminde gojaman Lebap topragynda bolup, ýeralma ýetişdirýän oba adamlary bilen duşuşmagy, olaryň hal-ahwalyny sorap, daýhançylyk barada peder paýhasly maslahatlaryny we öwüt-nesihatlaryny, nakyllardyr atalar sözlerini aýdyp bermegi bagtyýar daýhanlarymyzy zähmetsöýerlige, maňlaý derini siňdirip ýetişdiren hasylynyň rehnetini görüp, bagtyýar ýaşamaga ruhlandyrdy.

Turkmen

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Lebap welaýatynyň Darganata etrap häkimliginiň hem-de TDP-niň Darganata etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Demokratik ýörelgeler halkyň bähbidi üçin» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Darganata etrabynyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Turkmen

WAGYZ-NESIHAT DABARASY

TDP-niň Darganata etrap komitetiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Darganata etrabynyň 2-nji orta mekdebinde geljegimiz bolan ýaş nesilleri milli ýol-ýörelgelerimize eýerýän, arassa ahlakly, watansöýüji, ylymly-bilimli, ugurtapyjy, maksadaokgunly edip terbiýelemek maksady bilen, «Ýaşlar — geljegimiziň aýdyň şuglasy» diýen şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Turkmen

BELENT SEPGITLERI NAZARLAP

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny has-da şöhratlandyrmak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde belent sepgitleri eýelemek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda gazanylan üstünlikleri, ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden dünýä ýaýmak boýunça tutumly işler alnyp barylýar.

Turkmen

GÜL DIÝARDA BAKY BAGTA ÝETILÝÄR

Berkarar  döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanda zenanlara goýulýan ýokary hormat, olaryň hukuk taýdan goraglylygy, ykdysady, durmuş-syýasy ýagdaýlarynyň, jemgyýetdäki we maşgaladaky mynasyp orunlarynyň kesgitlenmegi mukaddesliklerimize, türkmeniň däp-dessurlaryna esaslanýar. 

Turkmen