Ösüşiň şaýoly bilen ynamly öňe barýan abadan ýurdumyzyň, eşretli eýýamly, döwletli-döwranly halkymyzyň her bir güni rowaçlyklara hem üstünliklere beslenýär. Bu gün güneşli ülkämiziň ähli ulgamlary we pudaklary taryhy ähmiýetli uly özgerişlikleri başdan geçirýär. Ykdysady ösüşleriň netijeleri bolsa medeni-durmuş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilýär.