Zergärçilik — inçe senet. Muny ykrar etmeýän ýok bolsa gerek, çünki owadan gülýakalardyr, tumarlary, kökenli ýüzüklerdir bukawlary ýasamak senetçiden ýiti zehini, iňňän inçe zähmeti we irginsizligi talap edýär. Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, zergär Döwrangeldi Agageldiýew hem tejribeli zergärleriň biridir. Döwrangeldi heniz çagalykdan başlap, gülýakadyr bilezikleriň ýasalyş aýratynlygyna syn etmegi gowy görer eken. Ejesi oglunyň zergärçilige höwes bildirýänini turuwbaşdan aňypdyr.