Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmekde ylmy esasda, ata-babalarymyzdan gelýän kanuny taýdan berkidilen däplere eýerip, halka sala salmak, geňeşmek ýollaryny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz her ýylyň başynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşýar. Şu ýylyň 11-nji fewralynda hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy.