«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy uly ruhubelentlikde giňden bellenilip geçildi. Şanly toýuň — baş baýramymyzyň öň ýanynda ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanyp, halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygy nazarda tutulyp, raýatlarymyzyň ençemesine döwlet sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.