Komitetler

TDP-niň Hazar şäher komiteti

Bitaraplyk aýdymy

Ata Watan — göz guwanjym, dünýä meşhurdyr adyň,
Öňe sary ümzügiň, egsilmez bedew badyň,
Köpler oňlar ýörelgäňi, berkdendir binýadyň,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Arkadagyň paýhasyndan artýar şöhraty-şany,
Ynsanperwer başlangyçlaň köpdür hasaby, sany,
Adyl, aýdyň ýörelgeler kalpda goýmaz armany,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Turkmen

TERBIÝE MEKDEBI

Maşgala jemgyýetiň esasy sütünleriniň biridir. Bu sütün näçe berk bolsa, millet we döwlet hem şonça sarsmaz bolar. Şol jähetden hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz maşgalanyň berkligine, bagtyýarlygyna, onuň dowamlylygynyň we bakylygynyň serişdesi bolan nesil terbiýesine döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şonuň esasynda-da, bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk binýadymyz hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Turkmen