Komitetler

TDP-niň Hojambaz etrap komiteti

Bol pile ugrunda

Geçen ýylda ýurdumyzda ilkinji bolup pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri bu ýyl hem döwlete ýokary hilli pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny berjaý etmek üçin arman-ýadaman tutanýerli zähmet çekýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda etrabymyzyň ýüpekçileri gaýtadan işleýän senagatymyz üçin gymmatly çig malyň 97 tonnasyny tabşyrmagy maksat edinýärler. Şu maksada ýetmek üçin etrabymyz boýunça 2425 guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi.

Turkmen

GÖWNÜMIŇ HOŞY

DURMUŞ PURSATLARY

Nartäç eje adamsyndan ir galan bolsa-da, durmuşda, işde ejizlemän, ýalňyz perzendi Beglini ösdürip-ulaldyp, adam edip ýetişdirdi. Ogluny gyzlaryň içinden saýlap-seçen gyzyna — Güljerene öýerip, toý tutdy. On bir ýylyň içinde dört agtyk söýüp, arzuwyna ýetdi.

Ýöne enäni bir bynjalyk edýän zat, dört perzendiň kakasy bolsa-da, Begliniň ýüzi salyk, egni gysykdy. Şonuň üçinem gelni Güljerenem özüni adamsynyň öňünde müýnli ýaly duýýardy.

Turkmen

MERDANALYK MEKDEBI

Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni.

Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşün diripdi.

Turkmen

BUÝSANÇLY KALPLARYŇ ALKYŞY

TDP-niň Hojambaz etrap komiteti we onuň ilkinji guramalary hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri, Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylyşyny ilat arasynda yzygiderli wagyz-nesihat etmegi özleriniň baş maksady hasaplaýar.

Turkmen

YHLASLY ZÄHMET — GÖWNEJAÝ HASYL

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň dokma senagaty üçin bahasyna ýetip bolmajak çig mallaryň biri bolan «ak altynyň» bol hasylyny öndürmegi maksat edinýän etrabymyzyň edermen babadaýhanlary tomus paslynyň häzirki günlerinde gowaçaly pellerde ýokary hilli ideg etmekde ýadawsyz zähmet çekýärler.

Turkmen

MASLAHAT GEÇIRILDI

Hojambaz etrap häkimliginiň mejlisler zalynda ýaramaz endiklere garşy wagyz-ündew maslahaty geçirildi. Oňa etrabyň saglygy goraýyş ulgamynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Turkmen

HASABAT-SAÝLAW ÝYGNAKLARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇÝÄR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda möhüm möwsüm bolan hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. 

Turkmen

TÄSIRLI DUŞUŞYKLAR

2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýanlygy sebäpli şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap komitetiniň ilkinji partiýa guramalarynda uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça ýygnaklar dowam edýär.

Undefined