«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly welaýatymyzyň halky üçin guwandyryjy wakalara baýlygy bilen buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň Şa gadamy welaýatymyza düşüp, halkymyz üçin bähbitli işler edilýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýat merkezi bolan Türkme nabat şäherine gelip, welaýatyň baş metjidini açyp bermegi, şol ýerde köňül kelamyndan dörän eserleriniň galam haky serişdelerinden sadaka bermegi halkymyzy diýseň begendirdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynyň senagat düzümini ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirdi.