Komitetler

TDP-niň Köneürgenç şäher komiteti

Igde ýaprak gawuny

Köneürgenç etrabynyň bakjaçylary ir, aralyk hem-de güýz aýlary sowuk urmazdan öň bişýän gawun-garpyzlaryň birnäçe görnüşleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlaryň zähmet siňdirip kemala getirýän bakja önümleriniň biri-de igde ýaprak gawunydyr. Onuň ady il içinde «tartary», «emiri» diýlip hem tutulýar. Bu gawunyň ekiliş usuly adaty gawunlaryň ekilişi ýaly bolýar. Irgözinden gawun ekmek üçin ýer taýýarlanylýar. Ekiljek ýer kölçelere bölünip, tekizlenýär hem-de suwdan oňat gandyrylýar.

Turkmen

Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk işgärleriniň durmuşynda iň gyzgalaňly we jogapkärli döwürleriň biri bolan gowaça ekiş möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Welaýatyň Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýyl 950 gektar ýerde gowaça ekmegi meýilleşdirdiler. Häzirki günlerde ekiş işleri 60 göterime golaý ýerine ýetirildi.

Turkmen

Oba milli maksatnamasy hereketde

ZAMANABAP ÖZGERTMELERIŇ RUHUNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly senelere, guwançly wakalara, ösüş-özgerişliklere beslenýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň düzümlerinde sazlaşykly alnyp barylýan işler dolulygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň hatarynda, geňeşlikleriň işini döwrebap kämilleşdirmek we pugtalandyrmak babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Turkmen

Ata seýsiň nebereleri.

Geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda Köneürgenç we S.Türkmenbaşy etraplarynda Ata seýis diýlende, tanamaýan az bolsa gerek.Şol ýyllar etrap, welaýat derejelerindäki çärelerde hem-de obalarda  geçirilýän toý baýramlarynda onuň seýislän atlary yzygider baýrakly orunlary elden bermeýärdi.Toýlarda, at çapyşykly ýaryşlarda ol Garaguş, Meleguş, Torguş diýen atlary çapyp aýlawy baglapdy.

Turkmen

AZIÝANYŇ MERJEN ŞÄHERI

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzda giň gerimli şäher gurluşygyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Muňa ýylyň-ýylyna täze binagärlik toplumlary bilen okgunly ösdürilýän ak mermerli Aşgabadymyz mysal bolup biler. Gözel paýtagtymyz çäklerini giňeldýär, gözelligi bilen haýran galdyrýar.

Turkmen

GUWANDYRYJY BAŞLANGYÇLAR

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesi mynasybetli göwün göteriji dabaralar bilen utgaşan köpçülikleýin bag ekmek dabaralary Köneürgenç şäherinde we etrabyň daýhan birleşiklerinde ýörite taýýarlanan ýerlerde geçirildi. Olara ähli ulgamlara degişli edara-kärhanalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de mährem eneler bilen bir hatarda TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Bag ekmek dabaralarynyň çäginde guralan aýdym-sazly çykyşlar sogap işe bagyşlanan çärelere özboluşly baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Turkmen

SAGLYGA MELHEM ALMALAR

Milli Liderimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwürmek baradaky berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlary hem saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň bagbanlary bagçylyk hojalyklarynda alma, erik, ülje, armyt, şetdaly agajyny ekmek, olardan bol hasyl almak ugrunda uly işleri alyp barýarlar. Netijede, ekilen miweli agaçlar bol hasyl berip, has-da gözüňi dokundyrýar. Etrabyň bagçylyk hojalyklarynda ýetişdirilen miweler ak bazarlarymyzyň berekedine bereket goşup, saçaklarymyzy bezeýär.

Turkmen

YNSANYŇ BAŞ BAÝLYGY

Köneürgenç şäheriniň bilim-halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, ýerlerde arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek, ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokançlara garşy öňüni alyş çäreleriň geçirilişini güýçlendirmek maksady bilen, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hem-de polisiýanyň ýerli wekilleriniň gatnaşmagynda düşündiriş işleri geçirilýär.

Turkmen

ROWAÇLYGYŇ RÖWŞEN ÝOLUNDA

Ösüş-özgerişleriň rowaç gadamlary bilen nurana geljege barýan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýeti işjeňleşdirmek we döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjylyk işini demokratiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Turkmen

DAÝHAN HOJALYGYNYŇ YNAMLY IŞLERI

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny döwrebap derejede kämilleşdirmek we ekerançylyk ýerlerini uzakmöhletleýin hususy eýeçilige bermek baradaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň önümçilikde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýändigini iş tejribeleri doly görkezýär. Munuň şeýledigine Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Şabende geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Galkynyş» daýhan hojalygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Turkmen

Pages