Komitetler

TDP-niň Kaka etrap komiteti

BEREKET MEKANY

Watanymyzyň çar ýanynda yzygiderli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan günlerimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyp, işe girizilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy hem-de etrabymyzyň ilatynda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi.

Turkmen

Wagyz-nesihat edilýär

Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komiteti etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda, şol sanda medeniýet we bilim ulgamlarynda, daýhan birleşiklerde, oba geňeşliklerinde wagyz-nesihat işlerini alyp barýar. Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän düşündiriş işleriniň netijeliligini gazanmak babatda degişli tagallalar edilýär.

Turkmen

IŞJEŇ DUŞUŞYK

TDP-niň Kaka etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Turkmen

DABARA GEÇIRILDI

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde pagtaçy daýhanlaryň zähmet üstünliginiň şanyna dabara geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada pagta ýygymy möwsüminiň öňbaşçylary arzyly myhman hökmünde gatnaşdy.

Turkmen

MIZEMEZ DOSTLUK DÄPLERINE EÝERIP

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň Halkara baýramy hökmünde ýokary derejede belleniljek 2020-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagyndan ruhlanan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has hem jebisleşip, uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýär.

Turkmen

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYKLARY

TDP-niň Kaka etrap komiteti beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrabyň bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdi. 

Turkmen

WAGYZ-ÜNDEW EDILDI

Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde ýaşuly nesliň we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Wagyz-ündew häsiýetli maslahaty TDP-niň Kaka etrap komiteti, etrap häkimligi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady. 

Turkmen

BAGTYÝAR ZAMANA BUÝSANÇ

Kaka etrap häkimliginiň TDP-niň etrap komiteti bilen bilelikde etrabyň Medeniýet öýünde geçiren aýdym sazly dabarasy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» — ýylyna bagyşlandy. Dabarada çykyş edenler belent mertebeli Prezidentimiziň döredijilik, ynsanperwerlik we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşa buýsanyp bolelin ýaşaýandygyny «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň toý baýramlaryny ýokary ruhubelentlikde uludan tutýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Turkmen

ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAN ÖZGERTMELER

Bagtyýarlyk döwri Kaka etrabyny hem uly ösüşlere ýetirdi. Bu ýerde sanlyja ýylyň içinde edilen işler asyrlara barabardyr. Etrap merkezinde, obalarymyzda gurlan medeni durmuş maksatly täze binalar ilatymyza hyzmat edýär. Ýaşlarymyz döwrebap mekdeplerde okaýar, çagalarymyz täze çagalar baglarynda terbiýelenýär.

Turkmen

IŞJEŇLER IL ARASYNDA

TDP-niň Kaka etrap komitetiniň guramagynda etrabyň «Serdar» pamyk egriji fabriginde, Duşak şäherçe hem-de Mäne, Çäçe, Şükür bagşy oba geňeşliklerinde we etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen işjeň maslahatlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň gülläp ösüşleri baradaky taryhy çykyşyndan ruhlanyp, buýsançly gürrüňler edildi. 

Turkmen