Komitetler

TDP-niň Kerki etrap komiteti

WATANSÖÝÜJILIGIŇ MEKDEBI

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy-medeni mirasyna bagyşlanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň hut baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda elimize gowuşmagy çuň many-mazmuna eýe boldy.

Golaýda Kerki etrabynyň 7-nji orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi guraldy. Dabarada çykyş edenler «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserindäki çuňňur manyly pikirleriň, many-mazmuna baý tymsallaryň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belläp geçdiler.

Turkmen

JOGAPKÄRLI MÖWSÜMIŇ GYZGALAŇLY IŞLERI

Jomart topragyň güýzde eçilýän nygmatlarynyň içinde halkymyzyň baýlygyna deňelýän pagta aýratyn orun eýeleýär.

Turkmen

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

Kerki etrap häkimligi bilen TDP-niň Kerki etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, önümçilik birleşiklerinde zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň, mährem eneleriň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. 

Turkmen

BAÝRAMÇYLYK JOŞGUNY

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Täze ýyl baý ramçylygy mynasybetli TDP-niň Kerki etrap komitetiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda «Arzuw» toý mekanynda geçirilen çäräniň şatlyk-şowhuny alyslara ýaň saldy. «Täze ýylym rysgal döwlet getirsin, ýeňişlere, toý baýrama ýetirsin!» atly baýramçylyk çäresinde ýaňlanan aýdym sazlar ýygnananlaryň ruhuny göterip, baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Turkmen

TDP-niň Kerki etrap komitetiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar» diýen at bilen maslahat geçirildi.

ÖZGERIŞLERIŇ ÝURDY

TDP-niň Kerki etrap komitetiniň we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “Ýüreklerde Arkadaga alkyş bar” diýen at bilen maslahat geçirildi.

Turkmen