Agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen toýlady. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjy, bagtyýarlygyň, döwletliligiň we agzybirligiň aýdyň nyşany. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda, has takygy, 25-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletli maslahat — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi.