Komitetler

TDP-niň Oguzhan etrap komiteti

Parahatçylykly syýasat dabaralanýar

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan daşary syýasat ugry döwlet Baştutanymyzyň — Arkadagly Serdarymyzyň dowam etmeginde ösüşiň hil taýdan täze belentliklerine göterilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge niýetlenen “Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň, Konsepsiýasy” tassyklanyldy.

Turkmen

Toýlara beslenýän Diýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ajaýyp wakalara, dabaraly toýlara beslenýär. Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýuny toýlan ilimiz Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň baýramyny halkara derejesinde belläp geçer. Goşa ganatymyza öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň mähriban halkymyza beren bagtyýarlygynyň waspçysy bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň toýuny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görülýär.

Turkmen

HARMANLAR BARHA BEÝGELÝÄR

Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň tagallasy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda pagtanyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Etrabyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, şu ýyl gowaçanyň «Ýolöten-7», «Jeýhun» görnüşleriniň ekilmegi hasylyň bol bolmagyna getirdi.

Turkmen

BAGTYÝARLYGYŇ BAGT KÖLI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary bilen birlikde, beýleki pudaklary ösdürmäge-de hemişe üns berýär. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny saklamak hem ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik dürlüligi we tebigy aýratynlygy gorap saklamak, çölleşmä we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek babatda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar.

Turkmen

TÜRKMENISTANYŇ GLOBAL EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY

Häzirki wagtda sebitde we dünýäde ekologiýany, daşky gurşawy goramak tutuş adamzady gyzyklandyrýan wezipeleriň iň derwaýyslarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler geljegi nazarlaýar.

Turkmen

ROWAÇLYKLARYŇ ÝOLUNDA

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli pudaklar bilen birlikde elektroenergetika pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň has ýygjamlaşýan häzirki döwründe Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary döwletlere iberiji ýurt hökmünde dünýäniň energiýa bazarlarynda barha giňden tanalýar. 

Turkmen

ДОБРАЯ ТРАДИЦИЯ

Под руководством уважаемого Президента Гурбангулы Бердымухамедова в стране проводится большая работа по сохранению экологической стабильности страны, по рациональному использованию природных ресурсов. 

Turkmen

TEBIGAT BILEN SAZLAŞYK

Ata Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän il-ýurt bähbitli ynsanperwer syýasatynyň esasyugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we rejeli peýdalanmak biologik köpdürlüligi saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Turkmen